Reputation. Experience. Result..

We know what is to defend rights. We work with people, for people and with the full respect to the law. Contact for more details!

Tejribe.
Abraý.
Netije..

Korporatiw hukugy

Jedelleri çözmek we arbitraž

Maýa goýum taslamalaryna hukuk goldawy

Näme üçin
Altyn Kanun-a ynanyp bilersiňiz
Biziň gymmatlyklarymyz

Altyn Kanun hukuk firmasy 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Altyn Kanun ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän öňdebaryjy transmilli korporasiýalaryna, iri milli we halkara maliýe institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna, döwlet edaralaryna, iri içerki we daşary ýurt kompaniýalaryna giň gerimli hukuk hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle-de, Altyn Kanun Türkmenistandaky akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryna we halkara guramalaryna maslahat berýär.

Halkara standartlaryny we işewürligi alyp barmagyň etiki kadalaryny eýerip, kärhana Türkmenistanda hukuk tejribesiniň däplerini saklaýar we ösdürýär.

Altyn Kanun giň tejribä eýedir we maýa goýum taslamalary boýunça öňdebaryjy orunlary tutýar. Kärhana ýokary hünärliligi, degişli ukyplylygy, pudagyň aýratynlyklaryny bilmekligi talap edýän çylşyrymly taslamalary durmuşa geçirmek bilen tanalýar. Şeýle-de, Altyn Kanun özüniň kazyýet we arbitraž tejribesi arkaly uly abraý gazandy. Kärhananyň hukukçylary täjirçilik, salgyt, zähmet işi, raýat-hukuk jogapkärçiligi, ýitgiler, paýdarlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar we ş.m. bilen baglanyşykly çylşyrymly jedellerde müşderilere wekilçilik edýärler.

Kärhana öz müşderilerine Türkmenistanyň işjeň ösýän iş gurşawynda işewürligiň ähli hukuk nukdaý nazarlary boýunça giň gerimli hukuk hyzmatlaryny hödürleýär.

Dürli taslamalarda 14 ýyllyk tejribe

esaslandyrylan ýyly
+
müşderiler
+
hyzmatdaşlar

Hukuk ugurlary

Zähmet hukugy

Energetika hukugy

Şertnama hukugy

Söwda hukugy

Bank hukugy

Salgyt hukugy

Hukuk maslahatyny soraň